Bu sayt tehniki we analitiki zerur cookies ulanýar.
Gözleg etmäge dowam eden ýagdaýyňyzda, cookieleri ulanylmagyny kabul edýäňiz.

Gelejegiň akylly şäheri- Arkadag

Arkadag şäheri Ahal welaýatynyň günortasynda ýerleşýän täze şäher bolup, Aşgabatdan 30 km uzaklykda, Eýranyň serhedinde ýerleşýär.
Akylly şäheriň açylyş dabarasy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Prezident Serdar Berdymuhamedowyň gatnaşmagynda bolup, ýurduň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa halkyň arasyndaky adyna bagyşlanyp “Arkadag” (ýagny manysy boýunça -goragçy) bolup geçdi.

Täze şäheriň gurluşygy, 73,000 ýaşaýjy ýerleştirmäge niýetlenen we 3,3 milliard dollara barabar boldy. Öňümizdäki ýyllarda şäheri has hem giňeltmek we onuň ilatyny has-da köpeltmek hem meýilleşdirilýär.

Arkadag şäherindäki ähli binalar ak reňkde bolup, ähli ýaşaýyş jaýlarynyň beýikligi ýedi gatdan ybarat bolup, bu san türkmenler üçin ugurly san.

Şäheriň ikinji ösüş tapgyry geljekki üç ýylyň dowamynda amala aşyrylmagy we 2027-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýär. Şäheriň içinde azyk, senagat, derman we lukmançylyk önümleri öndürmek üçin hyzmat we önümçilik desgalary gurulýar.  Şäherde takmynan 70.000 maşgalanyň ýaşamagy meýilleşdirilýär, umumy ilat bolsa takmynan 300.000 adam bolar.

Şäher ýaşaýjylary ekologiýa taýdan arassa şäher ulaglary – elektrikli awtobuslar we elektrikli awtoulaglary, şeýle hem “akylly” awtoulag duralgalary,  güneş panelleri we şemal generatorlary we beýleki ekologiýa babatynda peýdally desgalar gurnlamagy meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda “Arkadag” telekanaly, gazeti we futbol topary döredildi.

Di seguito la descrizione di Arkadag Smart City, a cura del Programma delle Nazioni Unite per gli insediamenti umani (ONU – Habitat).

Il progetto Arkadag Smart City è un’iniziativa visionaria volta a guidare lo sviluppo sostenibile e promuovere un ecosistema urbano tecnologicamente avanzato, rispettoso dell’ambiente e socialmente inclusivo. Radicato negli Obiettivi di sviluppo sostenibile (SDG) delle Nazioni Unite, questo impegno innovativo cerca di affrontare le sfide globali creando al tempo stesso un modello per le città intelligenti del futuro. Al centro del progetto Arkadag Smart City c’è un forte impegno del governo del Turkmenistan nel promuovere l’urbanizzazione sostenibile, l’efficienza delle risorse e una migliore qualità della vita per tutti i residenti. Il progetto sfrutta tecnologie all’avanguardia, processi decisionali basati sui dati e coinvolgimento della comunità per garantire un approccio olistico ed equilibrato allo sviluppo urbano.

Aşakda Arkadagyň “Akylly şäher” beýany, bu adamlar üçin milli maksatnama (ONU – Habitat).

“Arkadag- Akylly şäher” taslamasy, durnukly ösüşi üpjün etmek we tehnologiki taýdan ösen, ekologiýa taýdan arassa we sosial taýdan öz içine alýan şäher ekosistemasyny öňe sürmek üçin niýetlenen başlangyçdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Maksatlaryndan (SDG) gözbaş alyp gaýdýan bu innowasiýa, geljekdäki akylly şäherler üçin meýilnama döretmek bilen bir hatarda global kynçylyklary çözmäge synanyşýar. “Arkadag- Akylly şäher”  taslamasynyň merkezinde Türkmenistan hökümetiniň durnukly şäherleşmegi, çeşmeleriň netijeliligini we ähli ýaşaýjylar üçin has gowy durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky berk ygrarlylygy durýar. Bu taslama ýokary dereje tehnologiýalary ulanmagy, ähli şäher ösüşinde bitewi çemeleşmäni we deňagramlylygy üpjün etmek üçin maglumatlaryna we jemgyýetiň gatnaşmagyna esaslanyp karar bermegi meýilleşdirýär.

Esasy maksatlar:

1. Daşky gurşawyň durnuklylygy: “Arkadag- Akylly şäher” ekologiýa taýdan arassa amallara we serişdeleriň durnukly dolandyrmagyna üns berýär. Täzelenip bilýän energiýalaryň integrasiýasy, termo-energiýa taslamalary, netijeli umumy ulag we bio gurluşyk taslamalary arkaly, uglerodyň yzyny we daşky gurşawa täsirini ep-esli azaltmagy maksat edinýär.

2. Döwlet ösüşi we sosial deňlik: Sosial deňlik, bu taslamanyň baş ýörelgeleriniň biri bolup jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň şäheriň ösüşinden peýda bolmagyny üpjün edýär. Arzan bahaly ýaşaýyş jaýlary, elýeterli infrastruktura, saglygy goraýyş we bilim mümkinçiligi, jemgyýetiň agzybirligini ösdürmek we umumy saglygy gowulandyrmak üçin möhüm komponentlerdir.

3. Tehnologik ösüş: Arkadag şäheri ýokary tehnologiýadan peýdalanyp,  IoT-i (zatlaryň interneti), AI -i(emeli akyl) we maglumatlaryň analizini şäher hyzmatlaryny optimizirlemek üçin birleşdirýär. Akylly ulgamlar, ulag gözegçilik ulgamlary we öňünden habar beriş hyzmatlary, netijeliligi ýokarlandyrmak we energiýa sarp edilişini azaltmak üçin ornaşdyrylýar.

4. Ykdysady diwersifikasiýa we iş orunlaryny döretmek: Bu taslama maýa goýumlaryny özüne çekmeklige we ykdysady diwersifikasiýany ösdürmegi, şeýlelik bilen innowasiýany we telekeçiligi ösdürmegi maksat edinýär. Arassa energiýa, sanly tehnologiýa we durnukly oba hojalygy ýaly pudaklary ösdürmek bilen şäher ykdysady ösüş we iş mümkinçiligi merkezine öwrülýär.

5.  Jemgyýetiň gatnaşygy. Karar bermegi kabul etmäne kömek edýän inklýusiwlik prosesi ýaşaýjylara şäheriň ösüşini emele getirmäge işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Şäher häkimliginiň yzygiderli ýygnaklary, raýatlaryň pikir alyşma mehanizmleri we sanly platformalar dolandyryşa aç-açan we gatnaşmagy üpjün edýär.

6. Dowamlylyk we betbagtçylyklar bilen göreşmek. Başa gelip biljek howplardan goranmak üçin Arkadag şäheri bolup biläýjek betbagtçylyga taýynlyk çärelerini görýärler. Şäheri we onuň ýaşaýjylaryny howply wakalardan goramak üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak strategiýalary, irki duýduryş ulgamlary we çydamly infrastruktura durmuşa geçirilýär.

7. Gizlinlik we maglumat howpsuzlygy. Maglumatlaryň gizlinliginiň ähmiýetine göz ýetirip, Arkadag şäheri taslamasy şahsy maglumatlary goramak we möhüm maglumatlaryň gizlinligini üpjün etmek üçin ygtybarly kiberhowpsuzlyk çärelerini ileri tutýar.  Arkadag şäheri taslamasy, dünýäniň beýleki şäher merkezlerine umyt we ylham şamçyragy bolup hyzmat edýär, akylly, dowamly we inklýuziw şäherleriň diňe mümkin bolman, eýsem has gowy gelejek üçin zerurdygyny görkezýär. Hyzmatdaşlygy we bilim paýlaşmagy höweslendirmek bilen, taslama Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we global durnukly ösüşiň täze eýýamyny başlatmak üçin möhüm goşant goşmagy maksat edinýär.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ultimo aggiornamento: 1 marzo 2024