Bu sayt tehniki we analitiki zerur cookies ulanýar.
Gözleg etmäge dowam eden ýagdaýyňyzda, cookieleri ulanylmagyny kabul edýäňiz.

Lingua e Cultura italiana

İtalyan diliniň Türkmenistanda öwredilmegi

İtalyan dili 2008-nji ýyldan bäri “Magtymguly Pyragy” Döwlet Uniwersitetiniň daşary ýurt diller we edebiýatlar fakultetiniň Romano-german dilleri fakultedinde  öwredilýär. Häzirki wagtda bu ýerde 150 talyp italýan dili we medeniýeti boýunça bäş ýyllyk okuw geçirýär. Italýan dili sapaklarynyň biri,  ENI Türkmenistany tarapyndan goldanýan, diliň ulanyjysy,  italýan mugallymy tarapyndan öwredilýär. Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde, uniwersitediň özünden uçurym bolan mugallymlar hem  italýan dilini öwredýärler.

2017-nji ýylyň sentýabryndan başlap, Aşgabadyň Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş” uniwersitetinde birinji ýyl talyplary bilen iş alyp barýan ikinji italýan dilli mugallym, Italiýanyň Hökümeti tarapyndan goldanyp, italiýanyň dili we medeniýeti boýunça okuw bermekde goşant goşýar.

Türkmenistanda Italiýan Kinomatografiýasy

Italiýanyň kino senagaty, hususan-da klassiki filmleri Türkmenistanda giňden tanaýarlar we ýokary baha berilýär.

2023-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda, dünýäniň ähli ýerindäki Italiýanyň diplomatik we konsullyk torlary tarapyndan guralýan “Fare Cinema” sergisiniň çäklerinde, Italiýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy, ekonomiki dolanyşygyň esasy bolan zatlaryň we materiallaryň gaýtadan ulanylmagy arkaly durnuklylyk temasyna bagyşlanan “Trash” (italýan režissýorlary Luca Della Grotta we Francesco Dafano tarapyndan) animasiýa filmini görkezdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Soňky täzelenen: 2024-nji ýylyň 1-nji marty