2024 nji ýylda Aşgabatda ilkinji gezek Italiýanyň Bütindünýä gözleg gününiň ýedinci neşirinde çäreler myhmanlar bilen ýüzbe-ýüz geçirildi. Duşuşyklaryň esasy mowzugy “Emeli akyl we daşary ýurt dilini öwrenmek” bolup has köp Italýan dilini öwrenilmegine aýratyn üns berildi.
Perujiýanyň Daşary ýurt uniwersitetiniň professory Letizia Çinganotto we Doktor Françesko Lampone, Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetinde , Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetinde we Azady adyndaky Daşary Diller Institutynda jemi dört konferensiýa geçirdiler we bu çärelerde üç ýüzden gowrak talyp, mugallym hem-de ýerli alymlar gatnaşdylar.
Jemleýji konferensiýa bolsa ýurduň iň döwrebap hususy kärhanalaryň biri bolan ‘Iş nokady’ koworking merkezinde geçirildi. Bu ýerde bilim pudagynda, esasanam italýan dilini öwrenmek we kämilleşdirmek üçin emeli akylyň potensialy öwrenildi.
Bu çäreler, gözlegçiler we talyplar üçin hereket mehanizmlerini goşmak bilen Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky akademiki we ylmy hyzmatdaşlygy güýçlendirdi.