Bu sayt tehniki we analitiki zerur cookies ulanýar.
Gözleg etmäge dowam eden ýagdaýyňyzda, cookieleri ulanylmagyny kabul edýäňiz.

Ilçi

Hormatly Ilçi Martin Bruk

Rimde doglan Martin Bruk Rimdäki “La Sapienza” uniwersitetiniň syýasat ylymlary fakultetini tamamlady. Bäsleşikli synagdan üstünlikli geçip, diplomatik gulluga kabul edildi.

Zähmet ýolunyň ilkinji ýyllarynda Ortaýer deňzi we Ýakyn Gündogar ýurtlary boýunça Baş müdirlikde, şeýle hem Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň diplomatik jedeller we şertnamalar boýunça bölümlerinde işledi. 2002-nji ýylda Maniladaky Italiýanyň ilçihanasynyň söwda-ykdysady bölüminiň ýolbaşçysy wezipesine bellendi, şol ýerde konsullyk meseleleri boýunça hem iş alyp bardy.

2006-njy ýylda Afinydaky Italiýanyň ilçihanasynda konsullyk bölüminiň utgaşdyryjysy hökmünde işläp, Balkanlar we Gündogar Ortaýer deňzi boýunça sebit meselelerine jogapkär boldy. Şeýle hem katolikler bilen prawoslawlaryň arasynda dinara gepleşikleriň ösdürilmegine gatnaşdy.

2011-nji ýylda Rime dolanyp, Ministrligiň Syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça Baş müdirliginiň NATO bölüminiň düzüminde işläp başlady. Ol ýerde halkara deňiz howpsuzlygy we Ortaýer deňzindäki howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Somaliniň kenarlaryndaky deňiz garakçylygyna garşy göreş boýunça Kontakt toparynyň (CGPCS) çäginde Italiýa üçin maliýe jenaýatlaryna bagyşlanan 5-nji iş toparynyň müdiri boldy.

2013-nji ýylda Alžirdäki Italiýanyň ilçihanasynda Ilçiniň orunbasary wezipesine bellendi we syýasat hem-de howpsuzlyk bilen bagly möhüm meseleleri alyp bardy.

2017-nji ýylda Argentinanyň Rosário şäherinde Italiýanyň Baş konsuly boldy. Bu ýer Italiýa raýatlarynyň sany boýunça ýurtdaky ikinji uly konsullyk sebiti hasaplanýar.

2022-nji ýyldan bäri Ýewropa we halkara söwda syýasaty boýunça Baş müdirlikde işleýär. Ol ýerde Fransiýa, Şweýsariýa, Awstriýa we Sloweniýa bilen serhetara hyzmatdaşlyk boýunça täze bölümiň döredilmegine goşant goşdy we 2024-nji ýylda şol bölümiň ýolbaşçysynyň orunbasary boldy.

Martin Bruk öz içine Turin–Lion ugry boýunça topar hem-de Brenner esasy tuneli boýunça toparlary alýan, serhetara hereket bilen baglanyşykly infrastrukturalaryň ösdürilmegi boýunça birnäçe hökümetara toparlaryň agzasy.  Şeýle hem Fransiýa bilen Kwirinal şertnamasynyň çäginde fransuz-italýan serhet hyzmatdaşlygy komitetiniň döredilmegine gatnaşdy.

2014-nji ýyldan bäri Italiýa Respublikasynyň “Hyzmatlary üçin” ordeniniň rysary sylagynyň eýesi.