Bu sayt tehniki we analitiki zerur cookies ulanýar.
Gözleg etmäge dowam eden ýagdaýyňyzda, cookieleri ulanylmagyny kabul edýäňiz.

2026–2027-nji okuw ýyly üçin Global Master in Performing Arts Management maksatnamasyna arzalar kabul edilýär.

1

Milandaky La Skala Teatrynyň Sungat we Sahna Hünärleri Akademiýasy, Milano Politehniki Uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda, bir ýyl dowam edýän Global Master in Performing Arts Management magistr maksatnamasy üçin resminamalary kabul edip başlady. (Accademia d’Arti e Mestieri dello Spettacolo – Ministero degli Affari Esteri e della Cooperazione Internazionale).

Resminamalaryň kabul edişligi Ýewropa Bileleşiginiň raýatlary üçin 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli, beýleki ähli döwletleriň raýatlary üçin bolsa 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabryna çenli dowam eder.

Magistr maksatnamasyna gatnaşýan talyplar üçin Milano Politehniki Uniwersitetiniň Gianluca Spina Assosiasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýän üç sany stipendiýa göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, häzirki wagtda kesgitlenmek tapgyrynda bolan goşmaça stipendiýalar barada maglumatlar uniwersitetiň resmi web sahypasynda ýerleşdirilendir. (Global Master in Performing Arts Management – POLIMI GSoM).

Goşmaça maglumatlar we kabul ediş talaplary bilen tanyşmak üçin ýokarda görkezilen baglanyşyklara ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.