Bu sayt tehniki we analitiki zerur cookies ulanýar.
Gözleg etmäge dowam eden ýagdaýyňyzda, cookieleri ulanylmagyny kabul edýäňiz.

Italýan diliniň bütindünýä hepdeliginiň XXIV gezek geçirilmegi

Settimana della Lingua Italiana (2024)

2024-nji ýylyň 18-nji oktýabry: Italýan diliniň bütindünýä hepdeliginiň XXIV gezek geçirilmeginiň (SLIM 2024) çäklerinde 14–18-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda köp sanly çäreler guraldy. Perujanyň Daşary ýurtlular üçin uniwersitetiniň rektory, professor Walerio De Çezaris we halkara gatnaşyklar boýunça direktory Walentina Seri Türkmenistanyň Bilim ministrliginde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de «Iş Nokady» okuw merkezinde duşuşyklary geçirdiler we leksiýalar bilen çykyş etdiler.
SLIM 2024-iň «Setirleriň arasyndaky dünýä» atly temasy ähli çäreleriň dowamynda giňişleýin açylyp görkezildi. Bu çäreler ýüzlerçe mugallymdan, ylmy işgärden, talypdan we italýan diliniň muşdaklaryndan ybarat bolan diňleýjileriň gyzyklanmasyny döretdi.
Saparyň dowamynda Perujanyň Daşary ýurtlular üçin uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektorlary iki uniwersitetiň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýän we giňeldýän özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.