
Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda öňki Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny yglan etdi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazow «Türkmenbaşy» hormatly adyna eýe bolupdy. Ol 2006-njy ýylda aradan çykandan soň, onuň ornuna «Arkadag» hormatly adyna eýe bolan Gurbanguly Berdimuhamedow geçdi. Halkyň Arkadagly Serdary Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň Prezidentidir.
Italiýa we Türkmenistan arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda Moskwada gol çekilen tewsirnama bilen başlandy. Italiýa 2013-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanda ilçihanasyny ilkinji bolup açan 5 Ýewropa döwletiniň biridir. Bu karar bolsa 2017-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň açylmagyna ýol açan sebäpleriň biridir. Italiýadaky Türkmenistanyň ilçihanasynda 2020-nji ýyldan bäri Toyly Komekow ilçilik wezipesini ýerine ýetirýär.
Italiýa we Türkmenistan Halkara Forumlarda (BMG agzalary) alnyp barylýan daşary syýasat meselelerinde ýakyn garaýyälary bar. Italiýa, BMG-nyň kararlarynda göz öňünde tutulan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilen statusyna ýokary baha berýär, şeýle hem gepleşiklere we diplomatik çözgütlere gönükdirilen Italiýa hökümetiniň alyp barýan daşary syýasatlaryna oňyn baha berýär. Iki ýurt hem halkara guramalaryna dalaşgärlerini hödürlemekde birek-biregi goldaýarlar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklardan başga-da, Italiýa-Türkmen gatnaşyklarynyň ösüşi Türkmenistanda wekilçilik edilýän dürli halkara guramalarynyň (UNDP, OSCE, UNICEF, EBRD we beýlekiler) Türkmenistanda amala aşyrylýan işleriniň arkaly hem görkezilýär. Bu agentlikleriň esasy işleri, ýurduň syýasy demokratizasiýa prosessinde we bazar ykdysadyýetine geçişinde Türkmenistanyň goldawyny bermekdir.