Bu sayt tehniki we analitiki zerur cookies ulanýar.
Gözleg etmäge dowam eden ýagdaýyňyzda, cookieleri ulanylmagyny kabul edýäňiz.

Bütindünýä italýan tagamlary hepdeliginiň X neşiri

SCIM 3

2025-nji ýylyň 24–28-nji noýabry aralygynda Italiýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Bütindünýä italýan tagamlary hepdeliginiň X gezek geçirilmegi mynasybetli Lavka Berkararda birnäçe çäre gurnaldy.

Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrligi tarapyndan öňe sürülýän bu başlangyç italýan aşhanasynyň däplerini, ýokary hilli önümlerini we aşhananyň ýurduň sebitleri bilen baglanyşygyny giňden tanatmaga gönükdirilendir.

Aşpezler Edoardo Kartoççi we Klaudia Fabiani italýan rizottosyny we tiramisuny taýýarlamaga bagyşlanan master klasslary geçirip, olaryň dowamynda tagam dadyp görmek mümkinçiligini döretdiler. Maksatnama italýan diliniň mugallymlary we talyplary, işewürler jemgyýeti hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin niýetlenen üç sany gurme agşamlygyny hem öz içine aldy.

Agşamlyklaryň dowamynda geçirilen çäreler italýan aşhana medeniýeti arkaly duşuşmaga we pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.