2026-njy ýylyň 8-nji maýynda, anna güni, sagat 17:00-dan başlap, Aşgabadyň Italiýa ilçihanasy paýtagtda ýerleşýän diplomatik we halkara missiýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem medeni miras ulgamynda işleýän türkmen döwlet edaralarynyň wekilleri üçin Parfiýa Nisa arheologik gazuw-agtaryş meýdançasyna ugrukdyrylan gezelenç gurnaýar.
Bu çäre dünýäniň dürli künjeklerinde medeni mirasy goramak we öwrenmek boýunça italýan arheologik missiýalarynyň global tagallalaryny baýram etmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolup durýar. Şeýle hem, bu çäre Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýlerinde geçirilen we uly üstünlik gazanan “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik sergisiniň tamamlanmagyndan bir aý soň geçirilýär.