15-nji aprelde Türkmenistanda “Made in Italy Day” -yň birinji neşiri üstünlikli geçirildi. Bu çäre Aşgabatda täze açylan döwrebap söwda merkezi bolan Arkaçyň işewürlik merkezinde geçirldi we oňa ykdysady operatorlar, italýan dili talyplary, ýerli hünärmenler we italiýanyň önümleri barada gyzyklanýan ýüzden gowrak myhman gatnaşdy. Italiýanyň ilçihanasy tarapyndan utgaşdyrylan bu çäre, Aşgabatda ýerleşýän egin-eşik, mebel, azyk we awtomatlaşdyryş ýaly pudaklarda işleýän abraýly italýan markalarynyň, şeýle hem 206/2023 belgili kanunda görkezilen başlangyjy öz içine aldy.
Participants enjoyed institutional and specially made videos, as well as a presentation by the coworking and training center Isnokady, which has organized a study tour to Italy in July for Turkmen high school students and their families to deepen their knowledge of our country.
Çärä gatnaşanlara institusional we ýörite döredilen wideolar, şeýle hem 2024-nji ýylyň iýulynda aýynda türkmen orta mekdep okuwçylarynyň Italiýada bilim gezelenji guran proýekti boýunça prezentasiýasyny tomaşa etdiler.
Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari, Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda, ykdysady, medeni we telekeçilik gatnaşyklarynyň oňyn ösüşi barada nygtap geçdi we iki ýurduň arasynda göni uçuşlaryň açylmagy, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryn has hem pugtalanjakdygyna ynamyny belläp geçdi. Duşuşyk, Paul & Shark, Stefano Ricci, Benetton we Musetti ýaly meşhur markalara wekilçilik edýän italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýän türkmen telekeçileriniň çykyşlary bilen dowam etdi.