Bu sayt tehniki we analitiki zerur cookies ulanýar.
Gözleg etmäge dowam eden ýagdaýyňyzda, cookieleri ulanylmagyny kabul edýäňiz.

Italýan Dizaýn güni 2023

 

Italiýanyň dizaýn gününiň VII neşiriniň mynasybetli dizaýn çyralaryny döretmekde ýöriteleşen Foscarini kompaniýasynyň sungat müdiri Matteo Urbinati Aşgabatda Türkmenistanda geçirilen Dizaýn günlerine şaýatlyk etdi.  Bu çäre Italiýanyň Daşary ýurt Ministirligi, Medeniýet ministrligi, Italiýa söwda agentligi, Triennale di Milano we Federlegno Arredo bilen bilelikde Senagat dizaýny assosiasiýasy (ADI) we ‘Compasso d’Oro’ kolleksiýasy tarapyndan öňe sürülen global başlangyçdyr. VII neşiriň mowzugy “Ýagtylandyrýan hil. Adamlar we daşky gurşaw üçin dizaýnyň energiýasy” bolup bu günlere bagyşlanyp birnäçe çäreler geçirildi. Bularyň arasynda Halkara Ynsanperwer Ylymlar we Ösüş Uniwersitetinde we Şekillendiriş sungaty akademiýasynda master klasslar, dizaýnerler üçin seminarlar we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde işewürler bilen duşuşuklar geçirildi.