Bu sayt tehniki we analitiki zerur cookies ulanýar.
Gözleg etmäge dowam eden ýagdaýyňyzda, cookieleri ulanylmagyny kabul edýäňiz.

Habarlar

Gözleg parametrlerini giriziň
Reset
16 March 2026
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary üçin ikinji okuw kursy.

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 13-nji marty: 9-njy martdan 13-nji marta çenli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary üçin ikinji okuw kursy Aşgabatda geçirildi. Biz kursyň resmi açylyşyna Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň Halkara Gatnaşyklar Institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň orunbasary Mahri Bashimowanyň gatnaşmagynda gatnaşdyk. Kurs Türkmenistanyň BMG ulgamynyň we Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirildi we bäş gatnaşyjy […]

Dowamyny oka
12 March 2026
Italiýada oka

Şu ýyl hem Italiýada türkmen talyplaryna niýetlenen 2026/2027 akademik ýyly üçin stipendiýalar hödürlenýär. Maglumat “Italiýanyň hökümeti tarapyndan berilýän adaty stipendialar – 2026/2027 akademik ýyly” atly bildirişde elýeterli bolup, aşakdaky sahypalarda tapyp bolýar: https://studyinitaly.esteri.it/ https://www.esteri.it/it/servizi-opportunita/opportunita/borse-di-studio/per-cittadini-stranieri/borsestudio_stranieri/ – MAECI -Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň resmi web sahypasynda – Italiýanyň hökümeti tarapyndan hödürlenýän stipendialar bölümi https://ambashgabat.esteri.it Gerekli resminamalaryň […]

Dowamyny oka
23 February 2026
PRENOTAMI ulgamynyň tehniki işler

Habaryňyza ýetirýäris: 23.02.2026 senesinden 25.02.2026 senesine çenli (şol seneler hem girýär) duşuşyk bellige alyş üçin niýetlenen PRENOTAMI ulgamy wagtlaýynça elýeterli bolmaz.

Dowamyny oka
23 February 2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 20-nji fewraly: Şu ýyl hem Italiýanyň Ilçihanasy “Türkmenistanyň Diplomatik Işçileriniň Günü” mynasybetli geçirilen sergä işjeň gatnaşdy. Atçylyk boýunça Italiýanyň gazanan ýokary üstünliklerini görkezýän materiallaryň bir toplumyny Milli Kawaleriýa Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlykda hödürledik. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Daşary Işler Ministri Raşid Meredow biziň stendimize baryp gördi we gatnaşygymyz üçin gutlaglaryny beýan […]

Dowamyny oka
28 January 2026
Wiza işleýiş ulgamy anna güni 13-nji fewraldan sişenbe güni 17-nji fewrala çenli elýeterli bolmaz.

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna ýetirilýär: çylşyrymly tehniki işler sebäpli wizalary gaýtadan işleýän maglumat ulgamy anna güni 13-nji fewraldan sişenbe güni 17-nji fewrala çenli elýeterli bolmaz. Ulgam çarşenbe güni 18-nji fewraldan başlap ýene-de kadaly ýagdaýda işlär. Ulgamyň işlemez döwürlerinde öňünden bellenen duşuşygy bolan ýüz tutujylar täze duşuşyk senesini ylalaşmak üçin işgärlerimiz tarapyndan habarlaşylar.

Dowamyny oka
27 November 2025
25 noýabr 2025: Daşary işler ministrligi we Halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň beýannamasy – “Zenanlara garşy zorlugy ýok etmegiň Halkara günü”.

Zenanlara garşy zorlugy ýok etmegiň Halkara gününiň mynasybetli, Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Antonio Tajani Italiýanyň hem-de Daşary işler ministrliginiň ýurdumyzda we dünýäniň dürli ýurtlarynda zenanlara garşy zorlugyň we kemsitmegiň ähli görnüşleriniň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça üýtgewsiz ygrarlylygyny ýene bir gezek tassyklaýar. “Zenanlara garşy zorluk – adam hukuklarynyň kabul ederliksiz bozulmagydyr […]

Dowamyny oka
1 November 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň Italiýa resmi sapary (Rim, 24-25 oktýabr, 2025)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň Italiýa resmi sapary (Rim, 24-25 oktýabr, 2025) Prezident Berdimuhammedow Italiýa resmi saparynyň dowamynda – Ýewropa Bileleşigine ilkinji saparynyň dowamynda – Prezident Serjio Mattarella tarapyndan kabul edildi. Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrligi hem-de Italiýanyň söwda agentligi (ICE) tarapyndan guralan iri işewürlik forumy geçirildi, oňa Döwlet sekretarynyň orunbasary Jorjio Silli gatnaşdy. Bu […]

Dowamyny oka
8 September 2025
IŞE ALYŞ HABARY

2025-nji ýylyň 8-nji sentýabry: Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda administratiw kömekçi hyzmatlaryna ýerine ýetiriji işgär işe alynýar. Arzalary tabşyrmak möhleti 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabry, sişenbe güni, sagat 24:00-a çenli bellenildi. Işe alyş baradaky ähli zerur maglumatlary özünde jemleýän bildiriş hem-de ýüzlenmäniň “nusgasy” aşakdaky salgyda elýeterlidir: https://ambashgabat.esteri.it/wp-content/uploads/2025/09/Avviso-di-assunzione-e-fac-simile-Domanda-1.pdf  

Dowamyny oka
11 August 2025
Täze ENI täze ofisi açyldy

Aşgabat, 2025-nji ýylyň 30-njy iýuny. Biz ENI Türkmenistanyň täze ofisiniň, Aşgabatdaky Arkach iş merkezinde geçirilen resmi açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Bu waka ENI-niň Türkmenistana bolan ygrarlylygyny tassyklaýar we ýurtlarymyzyň arasyndaky iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini görkezýär.

Dowamyny oka
11 August 2025
LLDC3 Awaza 5-8.08.2025

Awaza, 5-8- nji awgust 2025: Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2025-nji ýylyň 5-nji awgustyndan 8-nji awgustyna çenli Awazada geçirilen “III BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda” çykyş etdi. BMG-niň Baş Sekretary we köp sanly döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda, bütindünýä forumynda Italiýa 🇮🇹🇮🇹 deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşini goldamana berk ygrarlylygyny  “Afrika üçin Mattei meýilnamasyny’’ […]

Dowamyny oka