2025-nji ýylyň 12-14-nji fewralynda, Aşgabatda Italiýan Dizaýn Gününiň IX neşiri geçirildi. Bu ýylyň mowzugy “Deňsizlikler. Gowy durmuş üçin dizaýn” bolup Türkmenistan Şekillendiriş sungaty akademiýasynda we Döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda “Modenese Gastone Interiors Srl” kompaniýasynyň dizaýneri jenap Leandro Skalko tarapyndan duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklarda deňsizligi azaltmak we adamlaryň gündelik saglygyny gowulandyrmak üçin dizaýnyň gural hökmünde ulanylyp bilinjekdigi barada pikir alyşyldy. Geçirilen bu duşuşyklarda köp sanly mugallymlar, talyplar, hünarmenler we başga-da türkmen tomaşaçylarynyň italýan dizaýnyna bolan uly gyzyklanmasyny görkezdi.