Bu sayt tehniki we analitiki zerur cookies ulanýar.
Gözleg etmäge dowam eden ýagdaýyňyzda, cookieleri ulanylmagyny kabul edýäňiz.

XI Settimana della Cucina Italiana nel Mondo- Dünýäde Italýan tagamlarynyň hepdeligi (17–21 Noýabr 2026)

2026-njy ýylyň 17–21-nji noýabry aralygynda Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy «Dünýäde Italýan tagamlarynyň hepdeliginiň XI neşiri» çäklerinde La Casa restoranynda bäş master klass gurady. Bu master klasslarda aşpezler, diplomatik jemgyýeti we raýat jemgyýetiniň wekilleri ýaly 300-e golaý adam gatnaşdy.

Italýan aşhanasynyň meşhur halkara mekdebi ALMA-ny tamamlan ýaş Türkmenistandan baş aşpezleri Georgiý Grigorýans we Wepa Taňryberdiýew Italiýada öwrenen aşpezlik usullaryny türkmen önümlerini ulanyp öz görüşlerini görkezdiler.

Bu ýylky «Italýan aşhanasy — ÝUNESKO-nyň mirasy: sebitler we ýokary hilli önümçilik zynjyrlary» atly tema Italiýanyň sebit aşhanalarynyň köpdürlüliginiň, ýerli öndürijileriň zähmetiniň hem-de aşpezleriň we maşgalalaryň nesilden-nesle geçirýän aşpezlik bilimleriniň arasyndaky baglanyşygy görkezdi.

19-njy noýabrda La Casa restoranynda geçirilen agşamky çärä 250-ä golaý myhman gatnaşdy. Degustasiýanyň dowamynda italýan sazy ýaňlandy, ekranlarda bolsa ýerli öndürijileriň ýurduň aşpezlik däplerini ýaşatmaga goşant goşýan sebitleri barada wideolar görkezildi.