Bu sayt tehniki we analitiki zerur cookies ulanýar.
Gözleg etmäge dowam eden ýagdaýyňyzda, cookieleri ulanylmagyny kabul edýäňiz.

Tenor Matteo Lippiniň konserti

2024-nji ýylyň 12-nji sentýabry: Jakomo Puççininiň aradan çykmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygyny bellemek üçin Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky teatrda beýik kompozitorymyza bagyşlanan konserti hödürledik.

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Gurbanmyrat Meredaliýewiň gatnaşmagynda geçirilen konserte ýüzlerçe tomaşaçy gatnaşdy. Olar tenor Matteo Lippiniň, soprano aýdymçylary Bahar Durdiýewanyň we Gözel Annahanowanyň, şeýle hem maestro Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Milli orkestriniň çykyşlaryny uly joşgun bilen garşyladylar.

Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda medeniýet we sungat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk dowam edýär we ösýär.