Aşgabat, 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabry: Italýan sportunyň bütindünýä gününiň ilkinji gezek geçirilmeginiň çäklerinde Rezidensiýada Italiýanyň sportuny we gazanan üstünliklerini tanatmaga, şeýle hem 2026-njy ýylda Milan-Kortinada geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryny wagyz etmäge bagyşlanan çäre geçirildi.
Çärä türgenler, dürli sport görnüşleri boýunça tälimçiler we Türkmenistanyň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, şol sanda Dzýudo federasiýasynyň prezidenti Welmyrat Gurbanmyradov, Boks federasiýasynyň baş sekretary Durdymammet Kuljaýew we Agyr atletika federasiýasynyň baş sekretary Çarygeldi Mämmedow, şeýle hem diplomatik korpusyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanda sport diplomatiýasy ugrunda amala aşyrylan başlangyçlar ösüş diplomatiýasy strategiýasynyň çäklerinde «Italýan sportunyň bütindünýä gününiň» giňden tanalmagyna ýardam berdi. Bu başlangyçlar geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmek we has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň sport edaralarynyň ýolbaşçylary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi.