Bu sayt tehniki we analitiki zerur cookies ulanýar.
Gözleg etmäge dowam eden ýagdaýyňyzda, cookieleri ulanylmagyny kabul edýäňiz.

ICE entrepreneurial mission agency for the agro-industry and packaging sectors

2023-nji ýylyň 16-18-nji oktýabry aralygynda ICE Agentligi  agrosenagat tehnologiýalary (oba hojalygy we üzümçilik baradaky tehnologiýalar), maldarçylyk, balykçylyk, azyk tehnologiýalary (sowuk zynjyrlar we winoçylyk ), gaplamak, guýmak we gutulamak tehnologiýalary önümçiligini ýöredýän Italýan kompaniýalary üçin işewürlik duşuşyklaryny gurnady.

 

Tehnologiýa seminary, Aşgabatda 2023-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynda geçirildi. Foruma gatnaşyjylaryň arasynda Italiýanyň iş missiýasynyň wekilleri, degişli ministrlikleriň wekilleri we ýerli telekeçiler bardy. Italiýanyň iş missiýasyna ICE Stambulyň müdiri Rikkardo Landiniň ýolbaşçylygyndaky Rinieri, Vignetinox, Ricciarelli SPA, Gruppo RI.MA, FBR-ELPO SPA, SARBA International kompaniýalary wekilçilik etdi. Seminaryň dowamynda Italiýanyň hususy pudagynyň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Şeýle hem Italiýanyň iş missiýasy azygy gaýtadan işlemek, oba hojalygy önümçiligi we Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän oba hojalyk tehnikalaryny satmak bilen meşgullanýan ýedi senagat zawodyna baryp gördi. Aşakda ICE Stambulyň Türkmenistandaky oba-hojalygy we gaplaýyş pudagy tarapyndan döredilen bazar belligini şu linkden alyp bilersiňiz.