2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda, Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugynyň bellenilmegine bagyşlanan “Festa della Musica”( aýdym-saz festiwali) konserti geçirildi. Maestro Kladio Vandelli we maestro Rasul Klyçew, Türkmenistanyn Simfoniýa orkestrini ussatlyk bilen alyp baryp, italiýan we türkmen kompozitorlarynyň saz eserlerini ýerine ýetirdiler. Türkmenistandaky saparynyň dowamynda Maestro Vandelli Türkmenistanyň Döwlet Konserwatoriýasynyň mugalluymlary we talyplary bilen gepleşik geçirdi.